Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbangly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden <br>ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbangly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden <br>ÇYKYŞY

view-icon 787
(4-nji aprel, 2014-nji ýyl)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine baha bermek bilen, şu döwürde göz öňünde tutulan wezipeleriň ählisiniň esasan ýerine ýetirilendigini bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryndan ugur alyp özgertmäge niýetlenen reformalar üstünlikli dowam edýär.

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklar, dokma senagaty, ulag üpjünçilik ulgamlary çalt depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 10 göterimden ýokary derejede durnukly saklanýar.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 7,2 göterim, haryt dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy. Zähmet haklarynyň möçberi hem 112,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy artyp, 8,9 göterime barabar boldy. Gurluşyk pudagynda hem uly ösüş gazanyldy. Bu pudakda ösüş depgini 15,1 göterime deň boldy. Söwda, ulag we aragatnaşyk pudaklary, hyzmatlar ulgamy hem çalt depginler bilen ösýär.

Biz şu ýylyň birinji çärýeginde göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň ählisini gurup, ulanmaga berdik. Şol desgalaryň hatarynda 80 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, sport mekdepleri, çagalar baglary we köp sanly beýleki durmuş maksatly desgalar bar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 40 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2 müňden gowrak iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistan ilat sanyna düşýän göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň derejesi boýunça hem öňküsi ýaly has amatly maýa goýum şertleri bolan ýurtlaryň hataryna girýär.

Biziň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» halkara demir ýolunyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, täze gaz geçirijiler gurulýar. Şonuň ýaly-da, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary ulanylyp, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek boýunça alyp barýan syýasatymyzy üstünlikli dowam edýäris. Telekeçiler ýurdumyzyň ykdysadyýetine barha uly goşant goşýarlar. Mysal üçin, oba hojalygynda telekeçileriň paýy 92,5 göterime, gurluşykda 69 göterime, söwdada 92,3 göterime, senagatda 62 göterime deň boldy. Umuman, häzirki döwürde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýy 58,3 göterime barabardyr.

Siziň bilşiňiz ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi geçirildi. Bu sergi biziň telekeçiligi ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň dogrudygyny, telekeçileriň giň mümkinçiliklerini we ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny aýdyň görkezdi.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Hökümetimiz hususy pudaga we telekeçilige mundan beýläk-de giňden goldaw bermegini dowam eder!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Biziň ýakyn wagtda amala aşyrmaly wezipelerimiziň üstünde durup geçmek isleýärin.

Öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň başyndaky derejesinden pese düşürmän saklamakdan ybaratdyr. Öňümizde durýan wezipelerden ugur alyp, ähli ýolbaşçylar şu ugurlarda netijeli işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmelidirler:

A.Goçyýew, Siziň wezipäňiz, şeýle hem maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesi öňküsi ýaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini özgertmek we maliýe-bank ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmekden ybaratdyr.

Siz bazar şertlerine geçmek, maliýe ulgamy üçin iş dolandyryşyň (menejmentiň) we bank işiniň esaslary boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

A.Nurberdiýewa, ýurdumyzyň Parlamentiniň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Mejlisiň täze saýlanan deputatlary Ministrler Kabineti bilen bilelikde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça örän möhüm meseleleri çözmekde netijeli işleri alyp barmalydyrlar.

Deputatlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmalydyrlar.

R.Meredow, ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň möhüm saparlaryny amala aşyrmak, şeýle hem ýurdumyzda halkara maslahatlarynyň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şoňa görä-de, bu möhüm ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görmeli. Bu çäreleri geçirmek bilen bagly degişli halkara resminamalaryny taýýarlamaly.

Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20132017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda netijeli işleri dowam etmeli. Ministrlik ýurdumyzyň bähbitlerini yzygiderli goramalydyr. Goňşy döwletler we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmalydyr.

P.Taganow, söwda toplumynyň ýolbaşçylary!

Siz öz ýolbaşçylyk edýän pudaklaryňyz üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, aýratyn hem, orta we ýokary düzümdäki ýolbaşçylary taýýarlamaga uly üns bermeli.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

P.Taganow, Siz Ahal welaýatynyň häkimi bilen bilelikde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hem ähli zerur çäreleri görmeli.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew, Siziň öňüňizde hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek harytlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmak ýaly möhüm wezipeler durýar.

B.Hojamuhammedow we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary!

Biz ýakyn wagtlarda Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän iri gazhimiýa toplumynyň düýbüni tutarys. Şeýle hem, ýurdumyzyň örän iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Bagtyýarlyk» käninde gazy arassalaýan kärhananyň gurluşygyny tamamlap, bu desgany senagat taýdan ulanmaga bermeli. Şonuň ýaly-da, beýleki bir örän iri gaz käni bolan «Galkynyş» gaz käninde ýene-de bir gazy arassalaýan kärhananyň düýbüni tutmaly. Siz bu möhüm ähmiýetli çärelere düýpli taýýarlyk görüň!

Şeýle hem, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna degişli pudaklary tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak, täze zawodlary gurmak, açylan gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

B.Italmazow, senagat toplumynyň ýolbaşçylary!

Siziň öňüňizde hem täze senagat kärhanalaryny gurmak, könelişen senagat kärhanalaryny giň möçberli döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän işleri dowam etmek bilen bagly möhüm wezipeler durýar.

Şeýle hem, ýakyn wagtlarda Maryda täze gurlan, kuwwaty ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawodlary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda gurulýan pagta egriji fabrigi ulanmaga bermeli.

M.Ýazmuhammedowa, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary!

Ýakyn wagtlarda biz köp sanly medeni çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys. Şol çäreleriň hatarynda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýubileý çäreleri, Ýeňiş baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreler, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri bar.

Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň gününi dabaraly bellemegi, birnäçe halkara maslahatlaryny geçirmegi, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini we beýleki köp sanly medeni çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys. Siz şol möhüm ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmeli we olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan reformalary we özgertmeleri giňden beýan etmek öňküsi ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gazanýan üstünliklerimizi giňden beýan etmek arkaly ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamalydyrlar.

Halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we milli däp-dessurlarymyzyň esasynda milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelerde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da ýokarlandyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr.

S.Toýlyýew, welaýatlaryň häkimleri, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ýolbaşçylary!

Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini talaba laýyk guramak, dünýä derejeli türgenleri taýýarlamak siziň öňüňizde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Şeýle hem, siziň wezipäňiz aprel aýynda ýurdumyzda göz öňünde tutulýan «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr. Bu çärelere ýurdumyzyň ähli sport mekdeplerini hem giňden çekmeli.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda iň oňat dünýä tejribesiniň esasynda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Ähli pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri we ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermeli.

Şu maksat bilen, Ylymlar akademiýasynyň Aşgabat şäherinde gurulýan Tehnologiýalar merkezi ulanmaga berlenden soň, bu Merkeziň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaly. Ýaşlarymyz ýokary tehnologiýalar bilen bagly hünärleri ele alyp biler ýaly, ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan ýokary okuw mekdeplerini döretmek boýunça iş geçirmeli. Mysal üçin, Aşgabatda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýokary tehnologiýalar bilen bagly hünärler boýunça bilim berýän institutynyň ýa-da uniwersitetiniň şahamçasyny açmaly. Soňra şol şahamçanyň binýadynda öz ýokary okuw mekdebimizi döretsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Umuman, bu meseläni doly öwreniň we öz teklipleriňizi beriň!

Siziň bilşiňiz ýaly, tomus möwsümi hem golaýlap gelýär. Şoňa görä-de, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini möwsüme doly taýýar etmek boýunça häzirden ähli zerur çäreleri görmeli.

Ş.Durdylyýew, M.Artykow, Aşgabat şäheriniň we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleri!

Täze etraplaryň döredilmegi netijesinde, ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň çäkleri has giňeldi we ilatynyň sany hem artdy. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň işewürlik merkezini we beýleki etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, ýokary derejeli myhmanhanalary has köp gurmaly. Paýtagtymyzyň köçelerini we şaýollaryny halkara ölçeglerine laýyklykda abadanlaşdyrmaly.

Ýakyn iki ýylyň dowamynda ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki zaman keşbini emele getirmegi doly tamamlamak üçin, goşmaça maliýe serişdelerini we gurluşyk kompaniýalaryny çekmek meselesine hem seretmeli. Bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmaly.

A.Ýazmyradow, welaýatlaryň häkimleri we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri yzygiderli dowam etmeli. Aýratyn hem, oba hojalygyny suw bilen üpjün etmek meselesine uly üns bermeli. Pudaga suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly.

Siziň öňüňizde örän möhüm iki wezipe – gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, şeýle hem ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak wezipeleri durýar.

Gowaça ekişini göz öňünde tutulan möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Gowaça ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmeli. Şoňa görä-de, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz we talaba laýyk işledilmegini guramaly.

Ýurdumyzyň galla öndürýän we gallany daşary ýurtlara iberýän ýurt hökmünde gazanan täze derejesini saklamaly. Şoňa görä-de, welaýatlarda gurulýan 8 sany elewatory ýakyn wagtlarda ulanmaga bermeli.

Şeýle hem, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň kuwwatly binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Her welaýatda iri maldarçylyk toplumlaryny gurmaly. Bu işleri amala aşyrmaga ýurdumyzyň telekeçilerini hem çekmeli.

Maldarçylygy ösdürmek, ýurdumyzyň ilatyny et we süýt önümleri bilen doly üpjün etmek siziň öňüňizde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.

Aprel aýynyň ahyrynda biz Türkmen bedewiniň baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris. Bu baýram ýurdumyzyň durmuşynda örän uly we möhüm ähmiýetli wakadyr.

Şoňa görä-de, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere oňat taýýarlyk görmeli. Bu baýrama gabatlap geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VI halkara ylmy maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmeli.

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary!

Ýurdumyzda demir ýollary gurmak we bar bolan demir ýollaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleri, täze howa menzillerini gurmak boýunça amala aşyrylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny we Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns bermeli.

M.Artykow, maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri!

Şu ýyl hem ýurdumyzyň gurluşyk maksatnamasynyň gerimi öňküsi ýaly örän giň bolmagynda galýar. Biz täze şäherleri we şäherçeleri gurduk hem-de gurmagy geljekde hem dowam ederis.

Beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, hususy telekeçileri çekmek arkaly täze şäherçeleri we desgalary, aýratyn hem, durmuş maksatly desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek siziň esasy wezipeleriňiziň biridir.

Şeýle hem, siz ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny özümizde öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleri hem öz alyp barýan işleriniň depginini has-da ýokarlandyrmaly. Şunuň bilen baglylykda, iki sany iri elektrik desgasyny  Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýalaryny ýakyn wagtlarda ulanmaga bermeli.

Şeýle hem, häzirki hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek, täze elektrik stansiýalaryny we elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şonuň ýaly-da, tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak we häzirki bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek boýunça geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Siziň bilşiňiz ýaly, biz geçen ýyl etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan etdik.

Ýylyň jemleri boýunça ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak barada karara geldik.

Bäsleşigiň jemleri boýunça geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby ýeňiji boldy. Etrabyň ýolbaşçylary ýeňijä berlen pul baýragyna bu etrapda çagalar üçin oýunlar toplumyny gurmak barada netijä geldiler.

Men şu ýyl hem bu bäsleşigi dowam etmek barada karara geldim. Ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin deputatlardan, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan topar döredildi. Şeýle hem, bäsleşigi geçirmegiň Tertibi hem işlenip taýýarlandy.

A.Nurberdiýewa, S.Toýlyýew, bu topar ýylyň ahyrynda bäsleşigiň jemlerini jemlesin. Ilki bilen welaýatlarda iň gowy etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemeli.

Soňra bolsa, welaýatlarda ýeňiji bolan etraplaryň ýa-da etrap hukukly şäherleriň arasyndan ýurdumyz boýunça iň oňat netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemeli. Iň gowy etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenende hökman göz öňünde tutulmaly görkezijileriň sanawyna ähli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini, galla we pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň berjaý edilişini goşmaly. Şeýle hem, ýeňiji bolan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenende jenaýatçylygyň we neşekeşligiň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijelerini hem göz öňünde tutmaly.

Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow, Siz bu bäsleşigi maliýeleşdirmegiň çeşmesini kesgitläň hem-de banklaryň birinde erkin ýörgünli puldaky hasaby açyň!

Bäsleşikde ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimine ýeňijä gowşurylýan pul baýragyny oňat netijeleri gazanan ýolbaşçylary höweslendirmek, zerur enjamlary ýa-da tehnikalary satyn almak üçin ulanmaga ygtyýar berýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Siziň bilşiňiz ýaly, her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde ýurdumyzda «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramy giňden bellenip geçilýär.

Mukaddes suw ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy hasaplanýar. Suw tebigata jan berýär, giň sähralary gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem, suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutup gelen ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler!

Gadymy döwürlerden bäri ekerançylygyň kämil nusgalaryny döredip gelen ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy ýaşyl begrese bürenip oturan meýdanlara öwürmek üçin yhlas bilen zähmet çekipdirler.

Merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, mähriban halkymyz häzirki döwürde hem suwy aýawly saklamagy we ondan tygşytly peýdalanmagy başarýar.

Suwdan netijeli peýdalanmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ylmyň gazananlary we öňdebaryjy tejribeler suw hojalygynda giňden ulanylýar.

Döwrüň iri desgalarynyň biri bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy hem güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ekerançylyk ýerlerindäki zeý suwlarynyň bu köle ýygnalyp başlananyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ýerasty suwlarynyň peselmegi netijesinde, ýurdumyzda ýerleriň melioratiw ýagdaýy has gowulanýar, topragyň hasyl berşi ýokarlanýar. Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi barha baýlaşýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň gülläp ösýändigi, bagy-bossanlyga öwrülýändigi ýurdumyzda suwuň bolçulygynyň we netijeli ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalyk pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, mundan beýläk-de giň gerimli işleri amala aşyrarys!

Ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi bolan derýalarymyzyň, çeşme-çaýlarymyzyň suwy hemişe bol bolsun, her bir öýe rysgal-döwlet, topragymyza bereket getirsin!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny berkarar Watanymyzda giňden we dabaraly bellenýän «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size we mähriban halkyma berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!